Sepleriň elýeterliligi

Obama Ganini parahatçylyk tagallasyna çagyrdy


Prezident Barak Obama

Prezident Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 4-nji martda geçirilen wideoşekilli konferensiýada owgan prezidenti Aşraf Ganini «Talyban» bilen parahatçylygy ýola goýmaga çalyşmagy dowam etdirmäge çagyrdy diýip, Ak tam aýtdy.

Obama ABŞ-nyň Owganystanda we regionda zorluk-sütemi azaltmak we uzagyndan durnuklylygy ýola goýmak ugrundaky parahatçylyk tagallalaryny nygtady hem-de Ganiniň Owganystanyň goňşulary bilen sebitara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ugrunda işleşmekdäki, «Talyban» bilen ýaraşyk prosesini ilerletmekdäki roluny belledi.

Owganystanyň, ABŞ-nyň, Pakistanyň we Hytaýyň resmileri geçen aý Kabulda bolan duşuşykdan soň, owgan hökümeti bilen "Talybanyň" martyň ilkinji hepdesinde Pakistanda göni parahatçylyk gepleşikleri üçin duşuşmaklaryna garaşylýandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG