Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dini gurama aýallary goraýan kanuny ýazgarýar


Pakistanda saýlaw, Swat, 7-nji ýanwar, 2016.
Pakistanda saýlaw, Swat, 7-nji ýanwar, 2016.

Pakistanyň kuwwatly dini guramasy täze kanunda aýallara garşy zorluklaryň jenaýatlaşdyrylmagynyň "yslama laýyk" bolmajakdygyny aýtdy.

Yslam ideologiýasy geňeşiniň başlygy Muhammad Han Şerani 3-nji martda aýallaryň hukuklarynyň şerigat kanunynda ozaldan berkidilendigini aýtdy.

Konserwatiw ruhanylaryň we dini partiýalaryň köpüsi geçen hepde Panjap welaýaty tarapyndan geçirilen kanun taslamasyny, Pakistan konstitusiýasy bilen Kurany garşylyga salýar diýip, tankyt etdi.

Aýallaryň goragy akty aýal-gyzlara içerki, psihiki, jynsy zorluklardan kanuny gorag mümkinçiligini berýär, düzgün bozmalar barada habar bermek üçin gyssagly telefon aragatnaşygyny, aýallar penahalaryny döretmäge çagyrýar.

2013-nji ýylda diňe Panjap welaýatynda aýallara garşy zorlugyň 5,800 işi habar berildi.

XS
SM
MD
LG