Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tusk türk prezidenti bilen duşuşýar


Ýewropa geňeşiniň başlygy Donald Tusk Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşýar.
Ýewropa geňeşiniň başlygy Donald Tusk Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşýar.

Ýewropa geňeşiniň başlygy Donald Tusk migrant krizisini çözmek barada maslahatlaşmak üçin Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşýar. Tusk Türkiýäniň içinden geçip, Ýewropa Bileleşigine gelýän migrantlaryň sanynyň juda kändigini aýtdy.

Tusk 4-nji martdaky gepleşikde Erdogany bu krizisi çözmäge has köp ýardam etmäge iterer öýdülýär. Ol şondan bir gün ozal ykdysady migrantlaryň ÝB-den daşda durmalydygy barada duýduryş çap etdi.

Tuskyň sapary Wena, Balkanlara we Afina, migrantlaryň balkan ýoly diýilýän meselesindäki tagallalaryny utgaşdyrmak çagyryşlary bilen eden diplomatik saparynyň jemini jemleýär.

Ol liderler bilen ÝB-niň Gresiýanyň daşky serhediniň goragyny berkitmek üçin kenarýaka gorag sistemasyny döretmek planynyň taslamasy barada gürrüň etdi.

Gresiýa Ýakyn Gündogardaky, Owganystandaky, Pakistandaky uruşdan, ýanamalardan, garyplykdan gaçýan bosgunlaryň we migrantlaryň Ýewropa girýän esasy girelgesi bolup durýar.

XS
SM
MD
LG