Sepleriň elýeterliligi

Belarus sudy 11 adama ýyl kesdi


Belarus, sud zalynda

Belarus, sud zalynda

Belarus sudy 11 adamy, şol sanda bir aýaly neşe maddalary bilen bagly jenaýatlarda aýyplap, dokuz ýyldan 19 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm etdi.

Minsk regional sudy 4-nji martda sud edilýänleri bikanun neşe söwdasynda, guramaçylykly jenaýatçylyk işinde, adam öldürmäge dahyllylykda günäli tapdy.

Derňewçiler bu toparyň Belarusda, Gazagystanda, Orsýetde we Ukrainada hereket edendigini aýdýarlar.

Toparyň ýolbaşçysy hasaplanylýan adam entek azatlykda.

XS
SM
MD
LG