Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çaga öldüren enekä aýyp bildirildi


Özbegistanyň raýaty Gülçehre Bobokulowa
Özbegistanyň raýaty Gülçehre Bobokulowa

Moskwadaky metro stansiýasynyda ýaş çaganyň kesilen kellesi bilen tutulan özbek enekesine resmi taýdan günä bildirildi.

Orsýetiň derňew komitetiniň sözçüsi 4-nji martda Özbegistanyň raýaty Gülçehre Bobokulowa enekelik edýän maşgalasynda dört ýaşly rus gyzyny öldürendigi üçin günä bildirildi diýdi.

Bobokulowa şu hepdäniň başynda žurnalistlere allanyň özüne enekelik edýän gyzyny öldürmegi buýrandygyny aýtdy. Internetde goýlan we görnetin polisiýa soragyna çalym edýän wideoda Bobokulowa rus howa zarbalary esasynda Siriýada öldürilen musulmanlaryň aryny almak üçin hereket edendigini aýtdy.

Häkimiýetler Bobokulowanyň ruhy hassalykdan ejir çekýändigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG