Sepleriň elýeterliligi

Türk polisiýasy protestçileri dargytdy


«Zaman» gazeti gaýtadan açyldy.

«Zaman» gazeti gaýtadan açyldy.

Stambulyň polisiýasy Türkiýäniň iň uly gazetiniň güýç bilen alynmagynyň garşysyna protest bildirýän ýüzlerçe demonstranty dargytmak üçin göz ýaşardyjy gaz, suw toplaryny we rezin oklary ulandy.

«Zaman» gazeti 5-nji martda, polisiýanyň sud kararynyň ýerine ýetirilmegi üçin geçiren reýdinden soň, irden gaýtadan açyldy.

Wideoşekiller polisiýanyň göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulanyşyny, gije gazetiň binalaryna girmek üçin derwezäni güýç bilen döwşüni görkezýär.

Suduň «Zamany» döwlet kontroly astynda goýýan karary esasynda «Zamanyň» eýeçiligindäki Feza neşir toparyna girýän «Jihan» habar gullugyna we iňlis dilinde çykýan «Today's Zaman» gazetine hem täsir ýetdi.

Bu gazet Birleşen Ştatlarda ýaşaýan oppozision ruhany Fethulla Gülen bilen ýakyndan bagly.

Gülen prezident Rejep Taýyp Erdoganyň iň täsirli garşydaşy bolup durýar. Erdogan ony hökümeti agdarmak synanyşygynda günäleýär.

XS
SM
MD
LG