Sepleriň elýeterliligi

Workuta: Kömür käni suwa basdyrylar


Sewernaýa käninde ölen Konstantin Momotyň portreti

Sewernaýa käninde ölen Konstantin Momotyň portreti

Orsýetiň Uzak Gündogaryndaky Workuta şäheriniň resmileri geçen aýyň aýagynda 30 magdançyny we 6 halas edijini öldüren partlamalardan soň, ol ýerdäki kömür känini suwa basdyrmagy karar etdiler.

Orsýetiň hökümet komissiýasy 6-njy martda Sewernaýa känindäki ýangyny suw bilen öçürmek işiniň derhal başlanyljakdygyny we 60-dan 80 güne çenli wagt aljakdygyny aýtdy.

25-nji fewralda başky metan partlamasynda dört magdançy öldi. Şol partlamadan soň 26 magdançy tapylmady.

Olary tapmak üçin halas ediş işi başlandy. Emma muňa garamazdan, 28-nji fewralda ikinji partlama bolup, halas edijileriň altysy wepat boldy.

XS
SM
MD
LG