Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Azat Siriýa goşuny YD-ny aljyradýar


Yraga gelýän siriýalylar

Yraga gelýän siriýalylar

Siriýanyň pitneçi söweşijileri, ABŞ-nyň koalisiýasy «Yslam döwletiniň» söweşijilerini serhediň Siriýa tarapynda yza çekilmäge mejbur edeninden soň, Yrak serhedindäki geçelgäni kontrol astyna aldylar.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy 5-nji martda pitneçi güýçleriň Iordaniýadan Yrak serhediniň Siriýa tarapyndaky Al-Tanf geçelgesini eýelemäge girendigini aýtdy.

Söweş bir gün öň, Azat Siriýa goşunynyň günorta fronty YD söweşijileriniň birini öldürip, birnäçesini ýaralanyndan soň başlandy diýip, ýerli utgaşdyryjy komitet, Siriýadaky oppozisiýa topary aýtdy.

Al-Tanf geçelgesiniň Yrak tarapy «Yslam döwleti» toparynyň kontrolynda galýar, olar 2015-nji ýylyň maýynda başda geçelgäniň iki tarapyny hem ele geçiripdiler diýip, aktiwistler aýtdy.

Yrak bilen serhediň galan ýerinde YD jeňçileri Albu Kamal geçelgesini elde saklaýar. Emma kürt söweşijileri demirgazykdaky Ýarabiýah geçelgesine kontrollyk edýär.

XS
SM
MD
LG