Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Müfti köp aýallylyga çagyryş etdi


Köp aýallylygy şekillendirýän surat.

Köp aýallylygy şekillendirýän surat.

"Häzirki ýagdaýda gaty köp gyz durmuşa çykman galýar"

"Interfaks" habar gullugy, Stawrapol sebitiniň müftüsi Muhammad Rahimowuň köp aýallylygyň Russiýanyň demografiýa problemalaryndan halas bolmagyna kömek edip biljekdigine üns çekendigini habar berýär.

Ol: "Bu yslam bilen baglanşyklydyr. Men muňa razyçylyk bildirýärin. Bu demografik problemalaryň hötdesinden gelip biler" diýip, beýannama beripdir.

Rahimowuň aýtmagyna görä, Russiýa we şol bir wagtyň özünde hem Demirgazyk Kawkaz üçin "jynsy disbalans" meselesi gaty aktual ýagdaýdyr. Hut bu sebäpden gaty köp ýaş gyz durmuşa çykman galýar. Dini ýolbaşçy öz çykyşynda musulmanlaryň dörde çenli aýal almagyna rugsat berilýändigini hem ýatladypdyr. Ýöne köp aýallylyk, erkek adamyň fiziki we maliýe ýagdaýyna hem onuň birinji aýalynyň razylygyna bagly bolmalydyr.

Russiýada köp aýallylygyň kanuny ýagdaýa getirilmegi barasyndaky çykyşlar, 2015-nji ýylyň maý aýynda Grozniniň nika köşgüniň Najud Kuçikow atly ýokary wezipeli bir dini işgäriň 17 ýaşyndaky Luiza Koýlabiýewa bilen öýlenmegi üçin resmi nika gyýmagyndan soň başlapdyr. Çeçenistanyň prezidentiniň administrasiýa boýunça ýolbaşçy işgäri Magomed Daudow hem bu temany oňaýlaýan äheňde çykyş edipdir.

Ýöne Kreml owal bu temada söz açmakdan gaça duranam bolsa, soň Russiýada köp aýallylygyň kanun taýdan gadagandygyny ýatlatmak bilen çäklenipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG