Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň etrap suduna hüjüm edildi


Pakistanly meýletinçiler bomba hüjüminde ýaralananlary keselhana daşaýarlar. 7-nji mart, 2016 ý.

Pakistanly meýletinçiler bomba hüjüminde ýaralananlary keselhana daşaýarlar. 7-nji mart, 2016 ý.

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky etrap sudunyň binasyna edilen janyndan geçeniň hüjüminde sekiz adam öldi we başga-da azyndan 10 sanysy ýaralandy.

Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugynyň berýän maglumatyna görä, 7-nji martda janyndan geçen hüjümçi Şabkadar etrap sudunyň jaýynda bombany partladypdyr.

Wakada ölenleriň arasynda iki polisiýa ofiseri bar.

Telewideniýede görkezilen wideo şekillerde suduň binasyna ýiti zeper ýetendigi we azyndan iki ulagyň galyndylary görünýär.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Pakistanyň Talyban” hereketi diýlip tanalýan “Tehrek-e-Talyban” topary öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG