Sepleriň elýeterliligi

Türk gazeti döwletiň kontrollygynda ilkinji sanyny neşir etdi


"Zaman" gazetiniň 6-njy martda neşir edilen sany.

"Zaman" gazetiniň 6-njy martda neşir edilen sany.

Türkiýäniň iň uly gazeti döwletiň kontrollygyna geçensoň, hökümete tarapdar äheňli makalalar bilen ilkinji sanyny neşir etdi.

“Zaman” gazetiniň 6-njy martda neşir edilen sanynyň baş sahypasynda prezident Rejep Taýýyp Erdoganyň suraty ýerleşdirilip, onuň Bosfor aýlagynda gurulýan täze köpriniň gurluşygynyň gidýän ýerine etjek sapary we Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirjek çäresi barada iki makala çap edilipdir.

Türkiýäniň sudy “Zaman” gazetiniň administratorlar tarapyndan dolandyrylmalydygy barada karar çykaransoň, 4-nji martda türk polisiýasy gündelik gazetiň edarasyna reýd geçirdi.

Munda ozal bu gazet Birleşen Ştatlarda ýaşaýan musulman ruhanysy Fethullah Gülen bilen ilteşiklidi. Gülen Erdoganyň iň täsirli garşydaşlarynyň biridir.

XS
SM
MD
LG