Sepleriň elýeterliligi

Tunis: Çaknyşyklarda 21 söweşiji öldürildi


Tunisiň güýçleri ýurduň Liwiýa bilen serhediniň golaýyndaky armiýa jaýlaryna hüjüm eden söweşijiler bilen çaknyşdy.

Tunisiň Içeri işler ministrliginiň beren maglumatyna görä, 7-nji martda Ben Guerdan şäherçesinde bolan çaknyşyklarda 21 sany yslamçy söweşiji öldürildi.

Bu ýowuzlyklar, Liwiýadaky “Yslam döwleti” toparyň ekstremistleri dogrusynda halkara derejesinde aladalanmalaryň artan mahalyna gabat geldi.

Geçen hepde Tunisiň howpsuzlyk güýçleri ençeme sagat dowam eden çaknyşyklaryň netijesinde agyr ýaraglanan bäş sany adamy öldürdi. Bu waka ýaragly adamlar Liwiýadan Tunisiň territoriýalaryna geçmäge synanyşan mahaly boldy.

XS
SM
MD
LG