Sepleriň elýeterliligi

ÝB, türk liderleri migrant krizisini maslahatlaşýar


Türkiýäniň (çepde) we Gresiýanyň (sagda) premýer-ministrleri. 7-nji mart, 2016 ý.

Türkiýäniň (çepde) we Gresiýanyň (sagda) premýer-ministrleri. 7-nji mart, 2016 ý.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Ýewropanyň Ikinji Jahan urşundan bäri iň uly bosgunlar krizisini maslahat etmek üçin 7-nji martda Brýusselde Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu bilen gepleşikleri geçirýärler.

Ýewropa Bileleşigine agza 28 ýurduň liderleriniň Türkiýeden, Ýewropa sapar edýän migrant akymyny gowşatmagy we gaçybatalga statusyny alyp bilmedikleri yzyna almagy soramagyna garaşylýar.

Golland premýer-ministri Mark Rutte Ýewropa Bileleşigi bilen Ankaranyň arasynda ylalaşyga gelinjekdigi dogrusynda özüniň optimistik garaýyşdadygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG