Sepleriň elýeterliligi

Brýussel: Migrant krizisi maslahat edilýär


Gresiýa-Makedoniýa serhediniň golaýyndaky demirýolda oýnaýan gyz çaga. 7-nji mart, 2016 ý.

Gresiýa-Makedoniýa serhediniň golaýyndaky demirýolda oýnaýan gyz çaga. 7-nji mart, 2016 ý.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu 7-nji marta Brýusselde sammitde resmi duşuşyk geçirýärler. Sammitden maksat Ýewropanyň Ikinji jahan urşundan bärde ýüzbe-ýüz bolan iň agyr bosgunlar krizisiniň çözgüdini tapmak.

Ýewropa Bileleşiginiň 28 döwletiniň Türkiýeden Ýewropa gelýän migrantlaryň akymyny azaltmagy, olardan Ýewropada başpena alyp bilmejeklerini gaýtadan yzyna almagy soramagyna garaşylýar.

Häzir Ýewropa Bileleşigine prezidentlik edýän Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte Bileleşigiň ýolbaşçylary bilen Ankaranyň arasynda ylalaşyga gelinmegine özüniň az-kem umytly garaýandygyny aýtdy.

Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Mark Aýrault hem Ýewropanyň öz açyk serhetler düzgüni dogrusynda täzeden oýlanmgynyň zerurdygyny belläp: "Bu uly migrasiýa krizisi bilen iş salyşmak üçin döredilmändi" diýdi.

Günde iki müň

Öten ýyl bir milliondan köp migrant Ýewropa Bileleşigine bikanun geldiler. Bularyň aglaba köplügi Ýewropanyň demirgazykdaky gurplurak ýurtlaryna aşmak umydy bilen Türkiýäniň üsti bilen Gresiýa gelen siriýalylar, owganlar we yraklylar.

Noýabr aýynda Ýewropa Bileleşigi bilen türk hökümeti Ankaranyň migrantlar akymyny kesmegi we bu ugurda Türkiýä pul tölenmegi hakda ylalaşdylar.

Bileleşik bu ylalyşygy iş ýüzüne geçirmekde Türkiýäniň ilerleme edendigini aýtsa-da, henizem aşa köp migrant Türkiýeden Gresiýa aralaşýar diýip, nägilelik bildirýär.

Türkiýeden Gresiýa günde iki müňden agdyk migrant gelýär.

Ýewropa Bileleşigine degişli däl Makedoniýa bilen gündogar balkan ýolunyň ugrunda ýerleşýän Bileleşige agza döwletler bosgunlaryň öňünde serhetlerini bütinleý diýen ýaly ýapdylar. Netijede 30 müňden köp migrant Gresiýada gymyldysyz galdy.

Taslama

Sammitiň beýannamasynyň "Associated Press" habar gullugyna elýeterli edilen bir taslamasynda "Balkan ýoly bilen gelýän düzgünsiz migrantlar akymy kesilip barýar. Bu ýol indi ýapyldy" diýilýär.

Taslamada ýene-de "Bu kyn günde Ýewropa Bileleşigi Gresiýany ýeke goýmaz, bu ýagdaýa hötde gelmegi üçin elinden gelenini eder", şelýe hem "Bu Ýewropa Bileleşiginiň çalt hem netijeli herekete geçmegini talap edýän umumy jogapkärçilik" diýip bellenýär.

Sammitiň öň ýanynda NATO özüniň adam gaçakçylygyna garşy Egeý deňzindäki missiýasyny grek we türk deňiz giňişliklerinde ýaýbaňlandyrandygyny we Ýewropa Bileleşiginiň serhet gullugy "Fronteks" bilen hyzmatdaşlygy çuňaldandygyny bildirdi.

"Biz maglumat toplap, barlag geçirip, toplanan maglumatlary şol bir wagtda Türkiýäniň deňiz goragçylary, Gresiýanyň deňiz goragçylary we "Fronteks" bilen paýlaşyp, olara migrant we bosgun krizisini çözmäge kömek ederis" diýip, NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg aýtdy.

2016-njy ýylyň başyndan bäri deňze ýaramsyz gaýyklar bilen Türkiýeden Gresiýa geçmäge synanyşyp, 400-den köpräk migrant öldi ýa-da deňizde ýitirim boldy. 6-njy martda türk kenarynda üsti bosgunly bir gaýyk agdarylyp, bu heläkçilikde 25 adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG