Sepleriň elýeterliligi

Eýran ballistik raketalary synagdan geçirdi


Eýran öz ýaragly güýçleriniň ballistik raketalaryň birnäçesini synagdan geçirendigini aýdýar.

Eýran öz ýaragly güýçleriniň ballistik raketalaryň birnäçesini synagdan geçirendigini aýdýar.

Eýran öz ýaragly güýçleriniň ballistik raketalaryň birnäçesini synagdan geçirendigini aýdýar. Maglumatda bu çäräniň harby türgenleşikleriň bir bölegi hökmünde amala aşyrylandygy habar berilýär.

“ISNA” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, 8-nji martda ýurduň Rewolýusion Gwardiýasy tarapyndan geçirilen synag “Eýranyň güýjüni we onuň islendik howpa garşy göreşip biljekdigini” görkezmek maksady bilen amala aşyryldy.

Ýanwar aýynda Birleşen Ştatlar, Eýrany ballistik raketa programmasy bilen üpjün edýän 11 kompaniýa we şahsa garşy täze sanksiýalary güýje girizdi.

Bu çäre Waşington Eýranyň ýadro programmasyny jylawlamak barada gelnen halkara ylalaşygyň bir bölegi hökmünde Tährana garşy girizen ençeme sanksiýasyny ýatyran mahalyna gabat gelipdi.

XS
SM
MD
LG