Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Ýüzlerçe adam Sawçenkonyň azat edilmegini soraýar


Ukrain paýtagty Kiýew.

Ukrain paýtagty Kiýew.

Ukrainanyň paýtagty Kiýewde ýüzlerçe demonstrant, şol sanda ukrain kanunçykaryjylary Orsýetden ukrain harby piloty Nadia Sawçenkonyň boşadylmagyny sorap, ýöriş geçirýärler.

8-nji martda 500 çemesi demonstrant “#Sawçenkonyň azat ediň” diýlip ýazylan plakatlary göterip, Ukrainanyň Goranmak ministrliginden Orsýetiň ilçihanasyna tarap ýöriş geçirýär. Demonstrantlar rus ilçihanasyna Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň adyna ýazylan petisiýany gowşurmagy planlaşdyrýarlar. Onda Sawçenkonyň azat edilmegine çagyryş edilýär.

Sawçenko 2014-nji ýylda tussag edilen mahaly, gündogar Ukrainada Orsýete tarapdar separatistlere garşy göreşýän meýletinçiler batalonynda söweşýärdi. Ol özüniň separatistler tarapyndan tussag edilip, bikanun Orsýete alnyp gidilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG