Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Şarapowanyň Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmegine garaşylýar


Maria Şarapowa.

Maria Şarapowa.

Orsýetiň tennis edarasynyň başlygy şu ýyl Braziliýada geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda Maria Şarapowanyň öz ýurduna wekilçilik etmegine garaşýandygyny aýtdy.

Şamil Tarpişçew bu baradaky beýanatyny 8-nji martda mälim etdi. Mundan bir gün ozal Şarapowanyň barlaglarynda gadagan edilen maddanyň bardygynyň üsti açylandan soň, onuň oýunlara gatnaşmagy wagtlaýyn gadagan edilipdi.

Gürrüňi edilýän maddaly derman serişdesini diabetden, ýagny süýji keselinden we magniý ýetmezçiliginden ejir çekýänler peýdalanýarlar. Käbir derňewçiler bu maddanyň sport netijelerini we çydamlylygy ýokarlandyrýandygyny aýdýarlar.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Bütindünýa anti-doping agentligi agzalýan maddanyň ulanylyşy gadagan etdi.

XS
SM
MD
LG