Sepleriň elýeterliligi

ÝB bilen Türkiýäniň deslapky plany tankyt edilýär


Gaýykdaky migrantlar we bosgunlar.

Gaýykdaky migrantlar we bosgunlar.

Ýewropa Bileleşigi bilen Türkiýäniň arasynda gelnen deslapky plan dogrusynda aladalanmalar we tankytlar artdy. Bu plan migrant krizisi bilen baş alyp çykmagy, şol sanda bosgunlaryň bileleşikden Türkiýä ugradylmagy baradaky perspektiwany öz içine alýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar baradaky agentligi (UNHCR) daşary ýurtlylaryň kollektiwleýin ugradylmagy halkara kanunlary esasynda gadagan edilýär diýdi.

BMG-niň bosgunlar baradaky agentliginiň Ýewropadaky edarasynyň müdiri Winsent Koşetel (Vincent Cochetel) Gresiýa gelýän migrantlaryň 91%-niň Yrak, Siriýa we Owganystan ýaly uruş dowam edýän ýurtlardandygyny aýdyp, “özüniň bikanun migrantlar diýlip aýdylmagy eşitmekden ýadandygyny” belledi.

Şeýle-de, Koşetel Türkiýe bosgunlary kabul etmek meselesinde Ýewropa Bileleşiginden has köp iş etdi diýdi.

Türkiýede aglabasy siriýalylardan ybarat 2,75 million bosgun ýaşaýar.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Amnesty International” guramasy hem amala aşyrylmagy mümkin ylalaşygy berk tankyt etdi.

XS
SM
MD
LG