Sepleriň elýeterliligi

Hindi gyzy zorlanyp, soňra otlandy


Hindistanda jynsy zorluk edilip, otlanan 15 ýaşyndaky gyzyň saglyk ýagdaýy ýaramaz.

Hindi polisiýasynyň 8-nji martda beren maglumatyna görä, Nýu-Deli şäheriniň golaýyndaky Tigri obasynda gürrüňi edilýän gyzy zorlamakda we ony otlamakda güman edilip, 20 ýaşyndaky bir oglan tussag edilipdir.

Gyzyň ene-atasy öz çagasyny 7-nji martda öýleriniň ýokarsyndaky eýwandan tapandygyny aýdýar.

Bu waka ýakynda Hindistanda aýal-gyzlara ýa-da çaga garşy edilen jynsyz zorlamalaryň diňe biridir.

XS
SM
MD
LG