Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe, ÝB migrant krizisi baradaky planyň esasy ugurlaryny ylalaşdylar


Türkiýe bilen Ýewropa Bileleşiginiň resmileri.

Türkiýe bilen Ýewropa Bileleşiginiň resmileri.

Türkiýe bilen Ýewropa Bileleşigi müňlerçe bosguny gaýtaryp Türkiýä ibermegi gözöňünde tutýan planyň esasy ugurlaryny ylalaşdylar. Bu plany bolsa Birleşen Milletler Guramasy we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar tankytlaýarlar.

Ýewropa liderleri 7-nji martda, Brýusselde geçen gepleşiklerden bir gün soň, Türkiýäniň bu gepleşiklerde eden teklibi geljek hepde gelinmegi mümkin gutarnykly ylalaşygyň başlangyjy bolar diýip umyt edýärler. Ankara Ýewropa Bileleşigi tarapyndan kabul edilen her bir bosgunyň öwezine özüniň Gresiýadaky bikanun migrantlaryň birini yzyna aljakdygyny aýtdy.

"Hakykat şu, Türkiýe sammite gyzykly teklipler bilen geldi. Meniň pikirimçe, bu köpleri täsin galdyarandyr" diýip, Gresiýanyň premýer-ministri Aleks Tsipras aýtdy.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Ýewropa komissiýasynyň başlygy Jean-Klud Ýunker, Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Donal Tusk teklibiň üstünde entek köp işlenmeli diýseler-de, ony "böwsüş" diýip atlandyrdylar.

Ylalaşygyň jikme-jikligi barada geljek hepde Türkiýe bilen gepleşik geçirjek Tusk: "Ýewropa edilýän bidüzgün migrasiýanyň döwri ötdi" diýdi.

Türkiýe Ýewropa gelip guýulýan migrantlar akymyny azaltmak üçin özüne, siriýaly bosgunlary ideder ýaly, ozal ylalaşylan üç milliarddan daşary ýene üç milliard ýewro berilmegini talap edýär. Ol şeýle hem özüniň Ýewropa Bileleşigine agzalygy barada barýan gepleşikleriň çaltlandyrylmagyny we öz graždanlarynyň Bileleşigiň ýurtlaryna wizasyz sapar etmegine tiz ýol açylmagyny isleýär.

Ýewropa liderleri Türkiýäni köpräk kömek bilen üpjün etmek hakda ylalaşydylar, ýöne bu kömegiň näçeräk boljakdygy aýdylanok. Olar şeýle hem türk graždanlarynyň iýun aýynyň aýagyndan beýläk Ýewropa Bileleşigine wizasyz sapar edip biljekdigini bildirdiler. Munuň üçin hem ýerine ýetirilmeli berk şertler bar.

Ýöne Bileşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar agentligi çet ýurtlularyň kollektiwleýin bir ýurtdan çykarylmagy halkara hukugy boýunça gadagan diýýär.

Bu gullugyň Ýewropadaky edarasynyň başlygy Winsent Koşetel özüniň "bidüzgün migrantlar diýilýän gürrüňlerden halys irendigini" aýdyp, Gresiýa gelýän adamlaryň 91 prosentiniň uruşdan ýaňa dargan Yrakdan, Siriýadan we Owganystandandygyny belledi.

Türkiýe bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gelinmegi mümin ylalaşygy halkara günä geçiş guramasy Amnesty Interational-da tankytlady.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu öz teklibini "oýnuň üýtgemegi" diýip, atlandyryp, ol Ýewropa edilýän bikanun migrasiýany azaldar, adamlary ölümden halas eder we adam gaçakçylygy biznesine zarba bolup urlar diýdi.

Dawutoglu: "Biz Türkiýeden Gresiýa gelýän bidüzgün, bikanun migrantlary, haýsy ýurtdandygyna garamazdan kabul etmek bilen, batyrgaý karara geldik" diýdi.

Fransiýanyň prezidenti François Holland hem: "Bosgunlaryň Gresiýa gelmegini duruzmak üçin biz Türkiýe bilen hyzmatdaşlyk etmeli" diýdi. Ol soňra hem: "Sammit bosgunlar meselesiniň çözgüdi üçin bir umyt döretdi" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Dawutoglu bilen Brýusselde geçen gepleşiklerden soň NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg Egeý deňzinde adam gaçakçylygynyň öňüni almaga gönükdirilen missiýanyň çäginde NATO-nyň gämileriniň Gresiýa bilen Türkiýäniň deňiz giňişliklerinde gözegçilik işlerine başlandygyny aýtdy.

Ol bu missiýa goşant üçin Britaniýa bilen Fransiýanyň hem gämi iberjekdigini bildirdi.

Brýusselde geçen sammit Ýewropa Ikinji jahan urşundan bärde iň çylşyrymly migrant krisizi bilen ýüzbe-ýüz bolýarka edilýän iň soňky diplomatik synanyşykdyr.

XS
SM
MD
LG