Sepleriň elýeterliligi

Sawçenkonyň işi boýunça karar 21-nji martda yglan ediler


Nadýa Sawçenko, Orsýetiň Donetsk şäheri, 9-njy mart, 2016

Nadýa Sawçenko, Orsýetiň Donetsk şäheri, 9-njy mart, 2016

Orsýetli sudýa ukrainaly pilot Nadýa Sawçenkonyň işi boýunça kararyny 21-nji we 22-nji martda boljak sud diňlenişiginde yglan eder.

Sawçenko 2014-nji ýylda gündogar Ukrainada iki orsýetli žurnalistiň öldürilmegine gatnaşykda aýyplanýar. Sawçenko bu aýyplamany ret edýär.

Sawçenko 9-njy martda serhet ýakasyndaky Donetsk şäherinde geçirilen sudda eden çykyşynda azykdan we suwdan ýüz öwürýändigini aýtdy we sudýa hem prokurora orta barmagyny görkezdi.

Sudýa kararyň 21-nji martda okalyp başlanjagyny yglan etdi.

Geçen hepdede prokurorlar Sawçenkony 23 ýyllyk türme tussaglygyna höküm etmegi soradylar.

Sawçenko özüniň meýletinçi batalýonyň düzüminde orsýetçi separatistlere garşy söweşen wagtynda 2014-nji ýylyň iýun aýynda gündogar Ukrainada ogurlanyp, Orsýete bikanun getirilendigini aýtdy.

Ukraina Sawçenkonyň ogurlanandygyny aýdyp, oňa uruş ýesiri hökmünde seredilmegini talap edýär.

Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar Sawçenkony boşatmaga çagyrýarlar.

XS
SM
MD
LG