Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan: Kämillik ýaşyna ýetmedikler pagta sürler


Özbegistan kämillik ýaşyna ýetmedikler "pagta sürler"

Özbegistan kämillik ýaşyna ýetmedikler "pagta sürler"

Buhara şäher häkiminiň görkezmesi boýunça, Medisina kollejiniň 2-nji kursunda okaýan we entek kämillik ýaşyna ýetmedik studentler pagta ýygymyna "meýletin gatnaşmak isleýänleriň" sanawyna goşuldylar. Ähli etrap we şäher kollejleriniň 3-nji kursunda okaýanlaryň hemmesi biraýakdan 5-nji sentýabrdan başlap pagta meýdanlaryna iberiler. Olaryň ýany bilen mugallymlaryň topary hem öňdäki pagta ýygym kampaniýasyna mejbury gatnaşdyrylar.

Studentler dilhat ýazmaga mejbur edilýärler

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň Özbegistandan alan maglumatlaryna görä, Buhara şäheriniň saglygy saklaýyş ugrundan bilim berýän kollejiniň kämillik ýaşyna ýetmedik, ýagny 2-nji kursunda okaýan studentlerine özleriniň pagta ýygymyna meýletin gatnaşýandyklary barasynda dilhat ýazdyrylypdyr.

"Biziň guramaçy ýolbaşçymyz bu ýylky pagta ýygym kampaniýasynyň gaty agyr boljakdygyny aýtdy. Şonuň üçinem bizi hem pagta ýygymyna sürjekdiklerini bildirdi. Ol bizden pagta ýygym kampaniýasyna meýletin gatnaşýandygymyz barasynda dilhat ýazmagymyzy haýyş etdi we nähili görnüşde ýazylmalydygyny hut onuň özi aýdyp berdi. Hut şonuň üçinem hemmämiz biygtyýar dilhat ýazmaly bolduk" diýip, howpsuzlyk sebäpli ady agzalmaýan Buhara kollejiniň studenti Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna maglumat beripdir.

Biziň redaksiýamyza iberilen şol dilhatyň bir nusgasynda şeýle sözler ýazylypdyr: "Men Buhara kollejiniň pylan kursunda okaýan studenti pylany. Öz islegim boýunça meýletin ýagdaýda pagta ýygym kampaniýasyna gatnaşmaga hiç hili garşylygymyň ýokdugyny aýratyn nygtaýaryn. Dilhaty öz islegim bilen ýazdym. Sene we gol".

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň maglumat alan çeşmesine görä, dilhatyna "Pagta ýygyma meniň ýanym bilen maşgalamdan biri hem gatnaşyp biler" diýen şeýle sözlemiň hem goşulmagy maslahat berlipdir.

Biziň Radiomyzyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan Buharanyň medisina kollejiniň adyny bermekden saklanan bir mugallymy hem geljekdäki pagta ýygymyna studentleriň sürülmegi barasynda şeýle işleriň geçirilýändigini tassyklady.

Buharanyň kollejiniň mugallymy ”Biziň 3-nji kursda okaýan studentlerimize olaryň 7-nji sentýabrdan başlap pagta meýdanlaryna sürüljekdigi habar berildi. Ýöne kollejiň ýerine ýetiriji müdiri Uktam Gaffarow, guramaçylara 2-nji kursda okaýan studentlerden hem meýletinleri ýygnamak barasynda tabşyryk berdi. Häzirki ýagdaýda studentleriň hemmesinden dilhat alyndy we olar müdire tabşyryldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna maglumat berýär.

Pagta ýygym kampaniýasy korrupsiýa bilen ilteşikli

Kollejiň işgäriniň aýtmagyna görä, pagta ýygymyna köpçülikleýin sürüljek studentleriň ýanynda pagta ýygymyna gatnaşdyryljak mugallymlardan hem ýörite toparlar döredilýär.

”Mugallym öz sapaklaryny okatmaly. Hiç kim pagta ýygyma gitmek islemeýär. Ýöne, gynansagam, biygtyýar hemmämiz gidäýmeli. Bärde bir hakykat bar, ýagny pagta ýygymyna ylaýta-da para-peşgeş almaýan we öz aýlygyna ýaşaýan mugallymlary we tehniki işgärleri sürýärler. Ýöne müdir bilen arasy gowy bolan mugallymlar pagta ýygymyna gatnaşmaýarlar. Geçen ýyl pagta ýygymy mahalynda biziň mugallymlarymyzdan birini ýylan çakdy. Soň ony ölümden zordan halas etdiler. Şeýle hadysalary hem hiç kimiň bilmezligi barasynda basyş edilýär. Pagta ýygymy korrupsiýa bilen ilteşikli, ýagny hut korrupsiýa öwrüldi. Geçen ýyl pagta ýygymyna gatnaşmak islemeýän mugallymlaryň bermeli para-peşgeşi 200-300 dollar töweregidi. Häzir bolsa onuň bu ýyl 400 dollara galjakdygy aýdylýar” diýip, kollejiň mugallymlarynyň bizi Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren gürrüňinde bu ýagdaýdan öz närazylygyny bildirýär.

Buharanyň pedagogiki kollejiniň işgärleri hem Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna beren gürrüňlerinde beýleki okuw jaýlarynda hem studentler bilen mugallymlaryň öňdäki pagta ýygym kampaniýasyna taýýarlanmaga çagyrylandygyny bildirýärler.

Buharanyň pedagogiki kollejiniň bir işgäri şeýle gürrüň berýär ”5-nji sentýabrda welaýat kollejiniň 3-nji kursunda okaýan studentleriniň hemmesi we şol sanda biziň kollejimiziň studentleri hem nobatdaky pagta ýygymyna sürler. Mugallymlar bolsa on gije-gündiz möhlet bilen pagta ýygymyna iberiler. Bu Buhara welaýatynyň häkiminiň dilden beren buýrugy. Onsoňam, eger gerek bolsa, pagta ýygymyna 2-nji kursda okaýanlaryň hem sürüljekdigi aýdylýar”.

Daşkent halkara derejesindäki çagyryşlara gulak asmaýar

Özbegistana 2012-nji ýylda öz garşysyna edilen güýçli halkara gysyşlaryndan soňra kämillik ýaşyna ýetmedikleriň pagta ýygyma gatnaşdyrylmagyndan ýüz öwürmeli boldy. Ýöne şonda-da pagta ýygym kampaniýasy döwründe kollejleriň 1-nji we 2-nji kurslarynda okaýan kämillik ýaşyna ýetmedik studentleriň pagta ýygymyna sürlen wagtyna duş gelnipdi.

Pagta ýygymynyň ähli hupbatyny ilkinji nobatda ýönekeý halk we döwlet işgärleri hem jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri çekýärler.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň bu ýylky pagta ýygymy barasynda alan maglumatyna görä, bu ýyl pagta ýygymyna Özbegistanyň garaşsyzlyk taryhynda ilkinji gezek Milli uniwersitetde magistratura işini alyp barýanlar bilen bilelikde 3-nji we 4-nji kurs studentleri Jizaksu welaýatyndaky pagta meýdanlaryna işe iberilerler.

Umuman alanyňda, soňky iki ýylyň dowamynda ýurtda halkyň çakdanaşa ýagdaýda aglaba köpçüliginiň pagta ýygymyna sürülmegi halkara guramalaryň ünsüni özüne çekýär.

BMG-niň Halkara zähmet bileleşigi resmi Daşkendi çaga zähmetinden peýdalanmakdan ýüz öwürmäge we, umuman, Özbegistanda halk köpçüliginiň pagta ýygymyna mejbury çekilmeginiň soňuna çykmaga çagyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG