Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: 'Talyban' polisiýa hüjüm etdi


Bombaly hüjüme sezewar edilen polisiýanyň ulagy, Helmand welaýaty, 28-nji fewral, 2016

Bombaly hüjüme sezewar edilen polisiýanyň ulagy, Helmand welaýaty, 28-nji fewral, 2016

“Talybanyň” söweşijileri Owganystanyň Helmand welaýatynda hökümet goşunlaryna garşy birnäçe aýlap dowam eden söweşlerden soň hökümet edaralaryna hüjüm etdiler.

Ýerli resmiler 9-njy martda irden Gereşk şäherinde polisiýanyň we aňtaw gulluklarynyň edaralaryna hüjüm edilendigini aýtdylar.

Helmand welaýatynyň häkiminiň metbugat-wekili dört sany ýaraglynyň hüjümi zerarly iki ofiseriň öldürilendigini we azyndan bäşisiniň ýaralanandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol hüjümçileriň üçüsiniň öldürilendigini habar berdi.

“Talyban” hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Gozgalaňçylar göknar öndüriji esasy region hasaplanylýan Helmand welaýatyna öz mekany hökmünde garaýarlar.

XS
SM
MD
LG