Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Resmi Aşgabadyň 'doping syry'


Umurbek Bazarbaýew
Umurbek Bazarbaýew

Türkmenistan öz sportsmenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünliklerini bada-bat habar berýär, emma türkmen atletleriniň doping ulanmakda güman edilendigi baradaky habarlary ile ýetirmekden, näme üçindir, saklanýar.

Azatlyk Radiosy geçen ýylyň 17-nji dekabrynda türkmenistanly ştangaçy Umurbek (Ümürbek) Bazarbaýewiň Hýustonda geçirilen gan barlagyndan soň doping, ýagny gadagan edilen kuwwatlandyryjy ulanmakda aýyplanylandygyny habar beripdi.

Şonda Azatlygyň Türkmenistanyň sport resmileriniň düşündirişini almak synanyşygy başa barmandy.

Azatlyk Radiosynyň bu mesele barada geçen ýyl gozgan temasyny žurnalist Wladimir Karahan «Türkmen sportunda doping barmy?» diýen sorag bilen dowam etdirýär.

Geçen ýyl Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň resmi saýtynda Umurbek Bazarbaýewiň, doping ulanýandygy baradaky gutarnykly karara gelinýänçä, wagtlaýyn ähli ýaryşlardan çetleşdirilýändigi habar berlipdi.

Žurnalist Karahanyň "Gundogar.org" websaýtynda çap edilen makalasynda 34 ýaşyndaky Umurmek Bazarbaýewiň mysalyndan başga, ýene bäş türkmenistanlynyň doping meselesi mysal getirilýär.

FINA-nyň, Ýüzmek boýunça halkara federasiýasynyň maglumatyna görä, 26 ýaşyndaky Hemra Nurmyradow gadagan edilen nandrolon maddasyny ulanandygy üçin 2014-nji ýylda Katarda geçirilen barlagda iki ýyllap ýaryşa gatnaşmasyz edildi. Onuň gadaganlyk möhleti 2016-njy ýylyň dekabrynda gutarýar.

19 ýaşyndaky Muhammet Döwranow gadagan edilen metenolon maddasyny ulanandygy üçin Katarda geçirilen barlag netijesinde, Agyr atletika boýunça halkara federasiýasy tarapyndan 4 ýyllap ýaryşa gatnaşmasyz edildi, onuň gadaganlyk möhleti 2019-njy ýylyň ýanwarynda gutarýar.

Mundan ozal, 30 ýaşyndaky Sanjar Kadyrbergenow 2003-nji ýylda Kanadada Agyr atletika boýunça halkara federasiýasy tarapyndan iki ýyllap ýaryşa gatnaşmasyz edilipdi.

Şeýle-de bu federasiýa 2010-njy ýylyň Aziýa oýunlary mahalynda, Hytaýda 29 ýaşyndaky Ruslan Ramazanowy iki ýyllap ýaryşa gatnaşmasyz edipdi.

Ýeňil atletika boýunça halkara federasiýasy bolsa, 2013-nji ýylda 25 ýaşyndaky türkmen atleti Ýelena Rýabowany iki ýyllap ýaryşa gatnaşmasyz edipdi. Onuň gadaganlyk möhleti geçen ýylyň 22-nji awgustynda tamam boldy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleriň türkmen sportunda gadagan edilen kuwwatlandyryjylaryň ulanylmagynyň faktlary, bu ýagdaý bilen bagly görlen çäreler barada maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda, türkmen metbugatynda aýdylmagyna görä, 2015-nji ýylda türkmen atletleriniň 162 sany halkara sport ýaryşyna gatnaşyp, 411 medal, şol sanda 143 altyn, 98 kümüş we 170 bürünç medal alandygy aýdylýar. Bu medallaryň 74-isi Dünýä çempionatlarynda, 58-si bolsa Aziýa çempionatlarynda gazanylypdyr.

Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň desgalarynyň gurluşygyna 5 milliard dollar çemesi serişde harçlaýandygy aýdylýar.

Türkmen häkimiýetleri häzir 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görýärler.

XS
SM
MD
LG