Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Häkimiň zamun ogly bäş ýyldan soň boşadyldy


Şahbaz Taseer
Şahbaz Taseer

Pakistanda janyna kast edilen häkimiň söweşijiler tarapyndan ogurlanan ogly bäş ýyldan soň Pakistanyň howpsuzlyk agentleri tarapyndan 8-nji martda Lahor şäherinde azat edildi.

Hökümetiň metbugat-wekili Anwarul Hak Kakar Pakistanyň aňtaw agentlikleriniň, terrora garşy polisiýasynyň we ýarym harby güýçleriniň Bulujystan regionynyň Kuçlak giňişliginde Kwetta şäheriniň golaýynda halas ediş operasiýasyny geçirendigini aýtdy.

Yslamabatda janyna kast edilen dünýewi garaýyşly häkim Salman Taseeriň ogly Şahbaz Taseer 2011-nji ýylyň awgust aýynda kakasynyň ölüminden sekiz aý soň ogurlanypdy.

Häkim Taseer Pakistanyň dine dil ýetirmek üçin jezany göz öňünde tutýan kanunlaryny reformirlemäge çagyran tanymal şahsyýetdi.

Onuň janyna kast eden Mumtaz Kadriniň 29-njy fewralda Rawalpindi şäheriniň türmesinde asylyp öldürilmegi ýurduň ençeme şäherinde yslamçylaryň arasynda protest döretdi.

XS
SM
MD
LG