Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Siriýa boýunça gepleşikler gaýtadan başlanýar


BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura
BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura

BMG Siriýanyň hökümetiniň we oppozisiýasynyň arasynda parahatçylyk boýunça “esasy” gepleşikleri 14-nji marta çenli geçirmek üçin, 9-njy martda Ženewada taýýarlyklara başlady, diýip BMG-niň metbugat-wekili aýtdy.

Siriýada ok atyşygy bes etmek barada ABŞ-nyň we Orsýetiň araçylygynda gelnen we 27-nji fewralda güýje giren ylalaşyk parahatçylykly gepleşikleri dowam etdirmäge mümkinçilik döretdi.

BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura gepleşiklere 9-njy martda ýaraşygyň berjaý edilişine we ynsanperwer kömegine gözegçilik edýän toparlar bilen duşuşykdan başlar. Emma guramaçylyk meseleleri resmi toparlaryň dynç günlerinden öň gelmegine päsgelçilik döretdi, diýip BMG-niň metbugat-wekili Jessy Çahine aýtdy.

Parahatçylykly gepleşiklere gaýtadan başlamak üçin öz şertlerini öňe süren oppozisiýa liderleriniň gepleşiklere gatnaşjagy anyk däl.

XS
SM
MD
LG