Sepleriň elýeterliligi

ÝB Orsýete garşy sanksiýalaryny uzaldýar


Ukrainanyň hökümet güýçleri

Ukrainanyň hökümet güýçleri

Ýewropa Bileleşiginiň ilçileri Orsýetiň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegine we Ukrainanyň territorial bütewüligine garşy hereketlerine jogapkär diýip hasaplaýan şahslardan we guramalardan düzülen sanawdaky 146 adam we 37 gurama babatynda bank hasaplaryň doňdurulmagynyň we wiza gadagançylygynyň möhletini 9-njy martda ýaýbaňlandyrdylar.

Ýene alty aýlyk ýaýbaňlandyrylan sanawa Orsýetiň wise-premýeri Dmitriý Rogozin, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň geňeşçisi Sergeý Glazýew we Kremliň baş propagandaçysy Dmitriý Kiselýow girýärler.

Şeýle-de sanawa Krymyň birnäçe guramasy we gündogar Ukrainada orsýetçi separatistleriň toparlary girýärler.

ÝB-niň karary şu hepdäniň aýagynda güýje girer. 2-nji martda ABŞ şuňa meňzeş sanksiýalarynyň möhletini uzaltdy.

XS
SM
MD
LG