Sepleriň elýeterliligi

Nebit-gaz awtoritarizmi dowam edýär


Aşgabat, Garaşsyzlyk güni. 27-nji oktýabr, 2012.

Aşgabat, Garaşsyzlyk güni. 27-nji oktýabr, 2012.

Londonda ýerleşýän Çatham hausyň, halkara meseleleri baradaky patyşalyk institutynyň ylmy barlagçysy Annet Bohryň pikirine görä, Türkmenistanyň nebit-gaza daýanýan awtoritar dolandyryşy uly bolmadyk ilatly ýurduň ägirt uly möçberdäki gaz ätiýaçlyklarynyň we tebigy gaza bolan global talabyň esasynda, entekler dowam etjege çalym edýär.

Çatham hausyň Orsýet we Ýewraziýa programmasynyň çäginde 8-nji martda çap edilen 100 sahypalyk hasabat «Türkmenistan: Häkimiýet, syýasat we nebit awtoritarizmi» diýlip atlandyrylypdyr.

Hasabatda ýurduň syýasy-ykdysady, sosial durmuşyna içgin syn edilip, türkmen hökümetiniň häzirki ýagdaýy barada anyk netijeler çykarylýar. Ýagny, hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmenistanda uglewodorod serişdeleriniň eksport edilmeginden gelýän girdeji giň ýaýrawdaky howpsuzlyk gulluklaryny we gorag guramalaryny maliýeleşdirmek üçin ulanylýar.

Korrupsiýa giň ýaýran we adatça bolşy ýaly, aýdyňlyk düýpden ýok, jemgyýete döwlet býujeti we hökümet çykdajylary, ýagny halk serişdesiniň nämelere harçlanylýandygy baradaky maglumatlar elýeterli edilmeýär.

Şeýle-de hasabat häzirlikçe, ýagny jemgyýetiň talaplarynyň belli bir derejede kanagantlandyrylýan we başga pikirliligiň berk kontrol astynda saklanylýan wagtynda, prezident Berdimuhamedowy we onuň uly bolmadyk elitasyny reforma geçirmäge itekleýän zerurlygyň ýokdugyny belleýär.

«Türkmenistanda häkimiýetiň ümsümlik bilen çalyşmagy netijesinde degişlilikde kän bir tanalmaýan adamyň, Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelmegi ekspertleri haýran galdyrdy» diýmek bilen, hasabatyň awtory Annet Bohr, eger Türkmenistanyň awtoritar režiminde geçiş bolsa-da, ýagny häkimiýet çalyşsa hem, onuň täze awtoritar režim bilen çalyşmak ähtimallygynyň uludygyny öňe sürýär.

Tire-taýpa meselesi

Ýurtdaky režim we tire-taýpa meselesine gezek gelende, Bohr, milli gurluşyk babatda edilýän tagallalara garamazdan, entek regional ygrarlylyk faktynyň agalyk edýändigini belleýär.

«Dolandyryjy edaralarda we biznes guramalarynda prezidentiň ahal-teke tiresiniň wekilleri agdyklyk edýär. Kadrlar yzygiderli çalşyrylyp durulýar, emma orta gatlagyň emeldarlary degişlilikde öz girdeji çeşmelerini uzagrak saklaýarlar» diýip, hasabatda aýdylýar.

Türkmen metbugaty ýurtda häkimiýet çalşanyndan soň bilim, saglygy saklaýyş reformalarynyň geçirilendigini habar berýär. Emma Çatham hausyň hasabatynda Türkmenistanyň bilimli kadrlaryň ýiti ýetmezçiliginden ejir çekýändigi aýdylýar.

Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy astynda başlanan infrastruktura, saglygy saklaýyş we bilim proektleri göz üçin edilen işlere çalym etdi diýip, hasabatda aýdylýar.

Şeýle-de hasabatda günbatar hökümetleriniň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda esasan oba hojalygy, saglygy saklaýyş we bilim ýaly syýasy bolmadyk ugurlardaky ösüşi çaltlandyrmak ugrunda tagalla edýändigi bellenilýär. Bular suwuň netijeli ulanylmagy, saglyk sistemasyndaky aýdyňlyk, bilelikdäki bilim we medeniýet baradaky programamalary öz içine alýar.

«Bularyň daşyndan, Azatlyk radiosy, BBC, Amerikanyň sesi, Doýçe Welle ýaly daşary ýurtlardan gepleşik berýän halkara neşirlere, rus we türkmen dillerinde ilata gymmatly alternatiw maglumat berýän az sanly çeşme hökmünde, goldaw berilmeli» diýip, düýbi Londonda ýerleşýän Çatham hausyň hasabatynda aýdylýar.

Şeýle-de hasabat günbatar hökümetleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklarda adam hukuklary we din azatlygy meselesini gozgap durmalydygyny, Günbatar ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň hukukçy aktiwistler bilen aragatnaşyk gurmaladygyny, Türkmenistanyň adam hukuklary baradaky hasabatyna degişli halkara forumlarynda syn berilmelidigini nygtaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG