Sepleriň elýeterliligi

Sawçenko açlygyny dowam etdirýär


Orsýetde tussaglykda saklanýan ukrain piloty Nadia Sawçenko Orsýetiň suduna açlyk çekmesini mundan beýlägem dowam etdirjekdigini aýan etdi. Sawçenko muny sud öz işi boýunça kararyň 21-nji martda geçiriljek sud diňlenişiginde okaljakdygyny aýdandan soň yglan etdi.

Sawçenko tussaglar üçin niýetlenen gözenegiň içinde ýerinden turup, sudýa we kaza orta barmagyny görkezmezden ozal, ne sudy, ne-de hökümi ykrar etjekdigini aýtdy.

34 ýaşly Nadia Sawçenko günorta Orsýetiň Donetsk şäherinde barýan sud prosesine 9-njy martda ukrain simwolly futbolka geýip bardy we özüniň basym “öli ýa-da diri” öýüne dolanjakdygyny aýtdy.

Ol 2014-nji ýylda gündogar Ukrainadaky minomýot hüjümini koordinirleýji hökmünde hereket etmekde aýyplanýar. Şol hüjümde gündogar Ukrainadaky konfliktden habar berýän iki sany orsýet žurnalistiniň öldürilendigi aýdylýar.

23 ýyllyk türme tussaglygy

Sawçenko özüniň Ukrainadaky separatistler tarapyndan tussag edilip, Orsýete bikanun getirilendigini nygtaýar.

Geçen hepdede Orsýetiň prokurorlary Sawçenkony 23 ýyllyk türme tussaglygyna höküm etmegi we oňa 100,000 rubl ($1,400) möçberinde pul jerimesiniň salynmagyny soradylar. Orsýetiň sudy Nadýany adam öldürmekde, adam öldürmäge synanyşmakda we Orsýetiň araçäklerinden bikanun geçmekde aýyplaýar.

9-njy martda Sawçenkonyň aklawçysy özüniň soňky beýanatyny okady. 3-nji martdaky sud diňlenişiginde aklawçynyň bu beýanaty okamagynyň öňi alnypdy. Şeýle-de, ol suddan Sawçenkonyň işi boýunça hökümiň eglemän okalmagyny sorady.

Orsýet sudýasy ukrain pilotynyň işi boýunça karary 21-nji we 22-nji martda boljak sud diňlenişiginde yglan etjekdigini aýtdy. Orsýetde geçirilýän sud diňlenişikleriniň käbirlerinde sudýanyň göwrümi uly bolan hökümi okamagy bir günden has uzaga çekip bilýär.

“Öli ýa-da diri”

Suduň zalynda saglyk ýagdaýy kadaly görünýän Sawçenko Orsýetiň türmesinde gurak açlyk çekýär we 4-nji martdan bäri iýmitden hem suwdan ýüz öwürýär.

Sawçenkonyň mundan öňki sud diňlenişiginden soň ýazan ýüzlenmesiniň golýazma teksti Facebook sosial ulgamynda çap edildi. Bu beýanatda ol, öz işi boýunça höküm çykarylandan soň, özüniň Ukraina dolanmagy dogrusynda ylalaşyga gelinmegini umyt edýändigini aýtdy. Emma şol bir wagtda-da ol özüniň açlygyny dowam etdirjekdigini we “öli ýa-da diri” öýüne dolanjakdygyny söz berdi.

8-nji martda Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa žurnalistlere beren maglumatynda tussaglary, şol sanda Sawçenkony çalyşmak dogrusynda Kiýew bilen henize çenli hiç bir gepleşigiň geçirilmändigini aýtdy.

Zaharowa “Suduň karary yglan edilýänçä, teoriýada ýa-da praktikada bu amala aşyp bilmez” diýýär.

Sawçenko 2014-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Orsýetiň türmesinde saklanylýar. Onuň sud işine 2015-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda garalyp başlandy.

XS
SM
MD
LG