Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sawçenko suw içip başlady


Nadia Sawçenko
Nadia Sawçenko

Orsýetde tussag astynda saklanmagyna we sud edilmegine protest bildirip, açlyk yglan eden ukrainaly pilot Nadia Sawçenko suwuklyk alyp başlady.

Onuň aklawçysy Mark Feiginiň 10-njy martda Twitter sahypasynda ýazmagyna görä, Sawçenko Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň haýyşyndan soň suw içip başlapdyr.

Feiginiň yzýany Interfaks agentligine aýtmagyna görä, Sawçenko azykdan ýüz öwürýär.

Sawçenko özüniň meýletinçi batalýonyň düzüminde orsýetçi separatistlere garşy söweşen wagtynda 2014-nji ýylyň iýun aýynda gündogar Ukrainada ogurlanyp, Orsýete bikanun getirilendigini aýtdy.

Sawçenko gündogar Ukrainada iki orsýetli žurnalistiň öldürilmegine getiren ok atyşygy sazlaşdyrmakda aýyplanýar.

Orsýetiň Donetsk şäher sudunyň 9-njy martda aýtmagyna görä, suduň karary 21-nji martda okalyp başlanar we iki günüň dowamynda yglan ediler.

Prokurorlar Sawçenkony 23 ýyllyk türme tussaglygyna höküm etmegi soradylar.

XS
SM
MD
LG