Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistlere garşy hüjümde hökümet günälendi


Oleg Habibrahmanow
Oleg Habibrahmanow

Žurnalistleri goraýjy komitet (CPJ) öz hasabatynda Orsýetiň häkimiýetleriniň media garşy duşmançylyga biparh garamagynyň Çeçenistanyň golaýynda alty žurnalistiň ýaralanmagyna getiren hüjüme sebäp bolandygyny aýtdy.

Guramanyň 10-njy martda bu hasabatyny çap etmeginden bir gün öň hüjümçiler aktiwistleri we žurnalistleri alyp barýan awtobusa hüjüm edip, olary urup-ýençdiler we awtoulagy otladylar.

Žurnalistler hökümete degişli bolmadyk Gynamalaryň öňüni almak boýunça komitetiň guramaçylygyndaky media saparyny amala aşyrýardy. Olar saparyna goňşy Inguşetiýada başlapdy we Çeçenistana barmak isleýärdi.

Toparyň agzasy Oleg Habibrahmanow ýaňy-ýakynda öz guramasyna iki gezek hüjüm edilendigini aýtdy.

Çeçenistanyň Kreml tarapyndan goldanýan lideri Ramzan Kadyrow we onuň tarapdarlary Gynamalaryň öňüni almak boýunça komitete köpçülikleýin haýbat atypdy.

XS
SM
MD
LG