Sepleriň elýeterliligi

BMG Täjigistanda pikir azatlygyna aladalanýar


Dawid Kaýle

Dawid Kaýle

BMG-niň pikir we söz azatlygy boýunça ýörite hasabatçysy Täjigistanda raýat azatlyklary boýunça guramalaryň, garaşsyz medianyň we syýasy oppozisiýanyň ýagdaýyna “çuňňur” aladalanma bildirdi.

10-njy martda çap bolan hasabatda Dawid Kaýle “websaýtlaryň we sosial ulgamlaryň, şol sanda mobil hyzmatlaryň täjik häkimiýetleri tarapyndan petiklenmeginiň ýaýbaňlanýandygyny” belledi.

Kaýle “Täjigistanyň yslam gaýtadan döreýiş” partiýasynyň ýakynda gadagan edilmegine, partiýanyň liderleriniň yzarlanmagyna we gizlin sudlaryň geçirilmegine, “Topar 24” guramasynyň agzalaryna we beýleki garaşsyz syýasatçylara garşy edilen hüjümlere aladalanma bildirdi.

Kaýle täjik häkimiýetlerini ähli syýasy sebäplerden tussag edilen ähli adamlary boşatmaga we agyr aýyplamalar esasynda sud edilýänleriň işlerine adalatly çemeleşmäge çagyrdy.

Kaýle Täjigistana eden saparlarynyň esasynda Adam hukuklary boýunça geňeş üçin hasabat taýýarlaýar.

XS
SM
MD
LG