Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orazow: Hakyky hökümet zerur


Student gyzlardan pul dileýän işsiz
Student gyzlardan pul dileýän işsiz

Türkmenistanda soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda milli pul, manat bilen bagly, şonuň bilen bir wagtda daşary ýurt walýutalarynyň erkin alyş-çalyş edilmegi meselesinde dürli kynçylyklaryň döreýändigi aýdylýar.

Ikinji tarapdan, ozaldan gelýän işsizlik meselesiniň üstesine iş ýerlerini kemeltmek, edara-kärhanalary birikdirmek bilen bagly habarlar hem gürelýär.

Mundan başga, soňky aýlarda nagt pul ýetmezçiligi, aýlyklaryň wagtynda berilmezligi barada hem aladaly habarlar gowuşýar.

Eýsem bular nämäniň alamaty we, ykdysatçynyň gözi bilen seredilse, Türkmenistanda döwletiň ykdysady krizise girmeginiň nähili alamatlary bar?

Azatlyk radiosy bu sorag bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy, Şwesiýada bosgunlykda ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Hudaýberdi Orazowa ýüzlendi.

Bu söhbeti diňläp, Türkmenistandaky ykdysady meseleler we olaryň sebäpleri barada öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:50 0:00

XS
SM
MD
LG