Sepleriň elýeterliligi

'Sky News' YD tarapdarlarynyň sanawyna eýe boldy


'Sky News' “Yslam döwleti” toparyny goldaýan 22 000 adam barada maglumata eýe boldy.

'Sky News' “Yslam döwleti” toparyny goldaýan 22 000 adam barada maglumata eýe boldy.

“Yslam döwleti” toparyny goldaýan 22 000 adamyň atlaryny, adreslerini, telefon nomerlerini we maşgala maglumatlaryny öz içine alýan dokumentler “Sky News” telewideniýesine gowşupdyr.

“Sky News” bu dokumentleri “Yslam döwleti” toparynyň öňki agzasynyň berendigini, onuň bolsa bu maglumatlary ekstremist toparyň içerki howpsuzlyk polisiýasynyň ýolbaşçysyndan ogurlandygyny habar berdi.

Dokumentlerde dünýäniň azyndan 51 ýurdunyň raýatlary barada maglumat berilýändigi aýdylýar.

“Sky News” aňtaw häkimiýetlerini maglumatlar barada habarly edendigini aýtdy.

Britaniýanyň içeri we daşary işler ministrliklerinden hiç hili kommentariý bolmady.

XS
SM
MD
LG