Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Serbiýa goldawy wada berdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç (s), Moskwa, 10-njy mart, 2016
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç (s), Moskwa, 10-njy mart, 2016

Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç Belgradyň Kosowo boýunça dawasyny Moskwanyň goldajakdygy barada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ynandyrandygyny aýtdy.

Kosowo 2008-nji ýylda Serbiýadan garaşsyzlygyny yglan etdi we häzirki wagtda 110 ýurt tarapyndan ykrar edilýär.

“Putin Serbiýanyň Orsýete bil baglap biljekdigini, Serbiýanyň aýratyn hem Kosowoda öz territorial bütewüligini we garaşsyzlygyny goldaýandygyny aýtdy” diýip Nikoliç Putin bilen 10-njy martda Moskwada geçiren duşuşygynda aýtdy.

Serbiýa esasan etnik alban ilatly Kosowonyň BMG goşulmagynyň öňüni almak boýunça diplomatik göreşinde Moskwanyň goldawyna daýanýar.

Şeýle-de Putin we Nikoliç NATO-nyň goşunlarynyň ýurtdaky sanyny artdyrmak barada Serbiýanyň ýaňy-ýakynda baglaşan ylalaşygyny maslahat etdiler.

Nikoliçiň sapary Serbiýanyň premýer-ministri Aleksandr Wuçiçiň ýurduň Ýewropa Bileleşigine goşulmagy üçin reformalary geçirmek ugrunda çykyş edýän wagtyna gabat geldi.

Serbiýanyň orsýetçi lideri Nikoliç öz ýurdunyň NATO we ÝB bilen ýakyn gatnaşykda bolmagyna açyk garşy çykyş edýär.

XS
SM
MD
LG