Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýaponiýa heläkçilikli sunaminiň ýyl dönümini belledi


Ýadro reaktorynyň partlan ýeriniň golaýynda ýaşaýan adamlar pidalaryň hatyrasyna matam tutýarlar, Namie, Fukusima regiony, 11-nji mart, 2011.

Ýadro reaktorynyň partlan ýeriniň golaýynda ýaşaýan adamlar pidalaryň hatyrasyna matam tutýarlar, Namie, Fukusima regiony, 11-nji mart, 2011.

Ýaponiýa 18000 adamyň ölümine getiren Fukusima ýadro reaktoryny ýumuran heläkçilikli sunaminiň bäşinji ýyl dönümini belledi.

2011-nji ýylyň 11-nji martynda ýerli wagt bilen sagat 2:46-da 9 magnitudaly ýer sarsgynynyň başlanan takyk wagty şu ýyl dymyşlyk bilen bellendi.

Ýaponiýanyň imperatory Akihito, onuň aýaly Miçiko we premýer-ministr Şindzo Abe Tokioda resmileriň we diri galanlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabara ýolbaşçylyk etdiler.

Bäş ýyl mundan ozal bolan tebigy betbagtçylykda agyr zeper alan jemgyýetler henizem dikeldilýär.

Göçürilen 180000 adam häzire çenli öz öýlerine dolanyp bilmeýär.

XS
SM
MD
LG