Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, Hytaý Phenýany gepleşiklere çagyrýarlar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s) we Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi (ç), Moskwa, 11-nji mart, 2016
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (s) we Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi (ç), Moskwa, 11-nji mart, 2016

Orsýet we Hytaý Demirgazyk Koreýany ballistik raketa synaglaryny bes etmäge we gepleşiklere dolanmaga ündediler.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi bu beýannama bilen 11-nji martda Moskwada geçiren gepleşikleriniň yzýany çykyş etdiler.

Bu duşuşykdan bir gün öň Demirgazyk Koreýa gysga aralyga urýan iki raketasyny deňize atmak bilen BMG garşy çykyş etdi.

Lawrow Moskwanyň Phenýanyň özüni alyp baryşy “jogapkärçiliksiz” diýip hasap edýändigini belledi.

Gysga uzaklyga niýetlenen köp sanly raketa eýe bolan Phenýan uzak aralyga ýetýän raketalary, şeýle-de kontinent ara raketalary döretmegiň üstünde iş alyp barýar.

11-nji martda irden Demirgazyk Koreýanyň resmi mediasy lider Kim Ýong Unyň ballistik raketa synagyna syn edendigini we ýurduň ýadro ýaragy bilen hüjüm etmek ukybyny artdyrmak üçin has köp synaglary geçirmegi tabşyrandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG