Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Pakistana sapar eder


TOPH-a badalga berilýär. Mary, 13-nji dekabr, 2015.

TOPH-a badalga berilýär. Mary, 13-nji dekabr, 2015.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, hökümet delegasiýasy bilen, 16-17-nji martda Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapar eder.

Bu barada anna güni Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda habar berildi.

Habarda bu saparyň gün tertibi barada anyk bir zat aýdylman, ýokary derejede geçiriljek nobatdaky türkmen-pakistan gepleşiklerinde döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleriniň maslahatlaşyljakdygy bellenilýär.

Prezident Berdimuhamedow mundan öň Pakistana 2011-nji ýylyň noýabrynda sapar edipdi.

XS
SM
MD
LG