Sepleriň elýeterliligi

Hytaý, Orsýet ABŞ-a duýduryş berýär


Marşal adalary, THAAD sistemasynyň synagy

Marşal adalary, THAAD sistemasynyň synagy

Hytaý we Orsýet Amerikanyň kämilleşdirilen raketa-gorag sistemasynyň Günorta Koreýada ýerleşdirilmek ähtimallygyna garşydyklaryny bildirdiler.

Demirgazyk Koreýanyň ýadro howplarynyň ýokarlanmagy bilen, Waşington we Seul geçen hepde kämilleşdirilen raketa-gorag sistemasyny (THAAD) ýerleşdirmek baradaky gepleşiklere başladylar.

Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi 11-nji martda Moskwada rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşandan soň bu sistemanyň Günorta Koreýada ýerleşdirilmegi «Hytaýyň we Orsýetiň strategiki howpsuzlyk bähbitlerine zyýan ýetirer» diýdi.

Şeýle-de ol bu ýagdaýyň "täzeden ýaraglanyşygyň haýdadylmagyna iterip biljegini" duýdurdy.

Lawrow bu sistemanyň Günorta Koreýada ýerleşdirilmeginiň öte reaksiýa bildirmek boljakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi John Kirbi bu sistemanyň ýerleşdirilmek ähtimallygyna Demirgazyk Koreýanyň öjükdiriji häsiýetiniň sebäp bolandygyny aýtdy.

«Men onuň ýerleşdirilip-ýerleşdirilmejegini bilemok, ýöne ýerleşdirilse-de, Hytaýyň we Orsýetiň alada galmagyna esas ýok, sebäbi ol diňe goranyş maksatly bolar» diýip, Kirbi aýtdy.

XS
SM
MD
LG