Sepleriň elýeterliligi

Leýla Ýunus we adamsy Bakuwdan goýberilmeýär


Baku. Leýla Ýunus we onuň adamsy Arif

Baku. Leýla Ýunus we onuň adamsy Arif

Baku Azerbaýjanyň tanymal hukuk goraýjy aktiwistleri Leýla Ýunus bilen onuň adamsy Arif Ýunusyň medisina bejergisi üçin daşary ýurda çykmagyna rugsat berilmeýändigini aýdýar.

Bakuwdaky Şikaýat sudy 11-nji martda bu jübüdiň, şertli tussaglyk möhletleri sebäpli, Germaniýa gidip bilmejegini aýtdy. Leýla Ýunus we Arif Ýunus awgust aýynda, ykdysady jenaýatlarda günäli tapylyp, sekiz ýarym we ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Halkara hukuk toparlary bu iki aktiwiste berlen türme möhletlerini adalatyň ýaňsa alynmagy hökmünde ýazgarypdy. Olar noýabr we dekabr aýlarynda, türme möhletleri şertli tussaglyga geçirilip, saglyk ýagdaýlary sebäpli azatlyga goýberildi.

60 ýaşyndaky Leýla Ýunus Bakuwdaky hasaba alynmadyk Parahatçylyk we demokratiýa institutynyň esaslandyryjysy, onuň adamsy Arif (61 ýaşynda) hem şol guramanyň işgäri we ol özleriniň, medisina bejergisi üçin, gyssagly Germaniýa gitmelidigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG