Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: Siriýa gepleşikleri geçiriler


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri BMG-niň howandarlygynda Siriýada parahatçylyk boýunça geçirilmeli gepleşikleriň 14-nji martda, planlaşdyrylyşy ýaly, bolmalydygyny aýtdy.

Emma rus we amerikan gözegçileri ýaraşygyň çaklanylýan düzgün bozmalary barada maslahatlaşmak üçin öňünden duşuşar.

Kerri 12-nji martda Saud Arabystanynda çykyp gürledi we giçlik Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine ýaraşyk wadalaryny bozmakda bildirilýän aýyplamalar barada telefonda gürleşmäge umyt baglaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol rus we amerikan resmileriniň Ženewada, Ammanda hem duşuşýandyklaryny aýtdy.

Kerri parahatçylyk konferensiýasy planlaşdyrylyşy ýaly geçirilip bilermi diýip berlen soraga, «Hawa, geçirilip biler» diýip jogap berdi.

Siriýanyň Günbatar tarapyndan goldanylýan esasy oppozisiýa toparlary 11-nji martda özleriniň Ženewada Damask hökümeti bilen göni bolmadyk parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşjakdyklaryny yglan etdiler.

Kerri 13-nji martda Ýewropanyň diplomatlary bilen Liwiýa, Siriýa, Ýemen we Ukraina barada gepleşmek üçin Pariže gelmeli.

XS
SM
MD
LG