Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Siriýa Ženewa gepleşiklerine gatnaşar


Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem

Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem

Siriýanyň hökümeti Ženewa, BMG-niň howandarlygynda oppozisiýa bilen geçiriljek göni bolmadyk parahatçylyk gepleşiklerine öz delegasiýasyny iberjekdigini aýtdy.

Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem 12-nji martda žurnalistlere hökümet delegasiýasynyň 13-nji martda Ženewa ugrajakdygyny, emma ol ýerde, eger-de oppozisiýa gelmese, 24 sagatdan kän eglenmejekdigini aýtdy. Bu gepleşikler 14-nji marta bellenilen.

Göni bolmadyk gepleşikleriň soňky tapgyry 3-nji fewralda, Damask hökümetiniň Orsýetiň goldawynda Aleppo şäherinde eden hüjümi netijesinde ýatdy.

Gepleşikleriň täze tapgyry iki hepdelik bölekleýin ýaraşygyň esasan saklanan mahalyna gabat gelýär.

XS
SM
MD
LG