Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Moskwa: BMG-niň hukuk edarasy ýapylýar


Orsýetiň ilçisi Alekseý Borodawkin

Orsýetiň ilçisi Alekseý Borodawkin

Orsýetiň Ženewadaky diplomatik missiýasy BMG-niň Moskwadaky Adam hukuklary edarasynyň ýapylýandygyny tassyk etdi.

BMG-niň ýokary derejeli resmisi şeýle zadyň bolmagyndan howatyrlanýandygyny bildiripdi. Bu habar 12-nji martda, Orsýetiň RIA Nowosti habar gullugy tarapyndan ýaýradyldy.

BMG-niň Adam hukuklary baradaky ýokary komissarlygy bu habara bada-bat hiç bir düşündiriş bermedi.

RIA Nowostiniň ýazmagyna görä, Orsýetiň ilçisi Alekseý Borodawkin Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygyň Orsýetde adam hukuklary guramalaryny döretmäge kömek edendigini we bu guramanyň Moskwadaky edarasynyň ýapylmagynda hiç bir üýtgeşiklik görmeýändigini aýdypdyr.

BMG-niň Adam hukuklary komissary Zeid Raad al-Hussein 10-njy martda Kremlden Orsýetiň bu edaranyň Moskwadaky ofisini ýapmakçy bolýandygy barada yşarat gelendigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG