Sepleriň elýeterliligi

Bagdat: YD himiki hüjüm edýär


 3 ýaşly Fatima soňky ýoluna ugradylýar.

3 ýaşly Fatima soňky ýoluna ugradylýar.

Yragyň Bagdatdaky hökümeti özlerini «Yslam döwleti» atlandyrýan jeňçileriň demirgazykdaky Kerkuk şäheriniň golaýyna himiki hüjüm edendigini aýdýar.

12-nji martdaky hüjüm birnäçe gün içinde edilen ikinji himiki hüjümdir.

Yrak resmileri Taza şäherine garşy atylan toplardaky zäherli maddalaryň YD jeňçilerine garşy söweşýän şaýy milisiýasynyň agzasynyň 3 ýaşly gyzyny öldürendigini aýdýarlar.

Olar bu hüjümlerde Tazanyň ýen 60 ýaşaýjysynyň ejir çekendigini aýdýarlar. Ýüzlerçe adam bolsa gaçmaly boldy.

XS
SM
MD
LG