Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Hezb-e Islami" gepleşiklere taýýar


Gulbetdin Hikmetýar
Gulbetdin Hikmetýar

Owgan jeňçi topary “Hezb-e Islami" özüniň hökümet bilen gepleşiklere taýýardygyny aýdýar.

Ýakasy gaýyşly uruş serkerdesi Gulbetdin Hikmetýaryň ýolbaşçylyk eden topary 13-nji martdaky beýanatynda özüniň parahatçylyk isleýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Hikmetýary «Talybany» we «Al-Kaýdany» goldandygy üçin «terrorçylar» sanawyna girizdi.

Emma amerikan we owgan resmileri soňky birnäçe ýylda, urşy soňlamaga kömek etmek üçin, «Hezb-e Islami» toparynyň wekilleri bilen duşuşdylar.

Hikmetýar geçen ýyl öz eýerijilerini «talybana» garşy söweşde «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerini goldamaga çagyrdy.

Bu toparyň 13-nji martdaky beýanatynda, öz agzalarynyň ýene ikisiniň global terrorçylar sanawyna goşulandygy üçin, Waşington tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG