Sepleriň elýeterliligi

Kerri Siriýa parahatçylygyny geňeşýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri 13-nji martda Parižde, ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini bilen bilelikde, Fransiýanyň, Britaniýanyň, Italiýanyň we Germaniýanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşdy.

Bu duşuşygyň gün tertibindäki esasy mesele BMG-niň howandarlygynda Ženewada Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimi bilen Siriýanyň oppozisiýa toparlarynyň wekilleriniň arasynda 14-nji martda başlanmaly göni däl parahatçylyk gepleşikleri boldy.

Bu gepleşikler Siriýanyň hökümet güýçleri bilen oppozisiýa söweşijileriniň arasynda baglaşylan yrga ýaraşygy berkitmegi maksat edinýär.

Kerri Parižde çykyş edip, Assad režimine we onuň ýaranlaryna ýaraşygy matlaply ulanmazlyk barada duýduryş berdi.

Şeýle-de Kerri Siriýadaky YD söweşijileriniň ysgyndan düşürilýändigini aýtdy.
"Siriýada "Daeş" diňe soňky Uç hepdede 3000 kwadrat kilometr we 600 söweşiji ýitirdi» diýip, ol YD-nyň aparça adyny ulanyp aýtdy.

«Al-Kaýda» jeňçileri we özlerini «Yslam döwleti» diýip atlandyrýan toparyň söweşijileri bu ýaraşyk ylalaşygyna girizilmedi we olaryň Ženewa gepleşiklerinde wekilçiligi bolmaz.

BMG-niň parahatçylyk wekili Staffan de Mistura Ženewa gepleşikleri 10 günden uzaga çekmez diýdi.

Orsýet De Misturany Ženewadaky parahatçylyk gepleşiklerine siriýaly kürtleri hem çagyrmaga çagyrdy.

De Mistura Şweýsariýanyň “Le Temps» gazeti bilen söhbetdeşlikde siriýaly kürtler bu gepleşiklere gatnaşmasalar hem, olara öz garaýyşlaryny aýtmaga mümkinçilik berilmeli diýdi.

Bu gepleşikler Siriýanyň täze hökümetiniň, täze konstitusiýasynyň döredilmeginiň, şeýle-de BMG-niň gözegçiliginde 18 aý içinde prezidentlik we parlament saýlawlaryny geçirjek guramanyň esasyny goýmaly.

Oppozisiýanyň baş gepleşikçisi Mohammad Allouş Ženewada 12-nji martda «geçiş döwrüniň Başar al-Assadyň ýykylmagy ýa-da ölmegi bilen başlanjakdygyny» aýtdy.

Allouş geçiş hökümetiniň «häzirki režim ýa-da şol režimiň başlygy häkimiýet başynda otursa, asla başlanyp bilmejekdigini» aýtdy.

Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem Assadyň delegatlarynyň Ženewa 13-nji martda ugrajakdygyny aýtdy.

Emma Moallem 12-nji martda oppozisiýanyň Assady agdarmak çagyrşynyň «gyzyl çyzyk» boljakdygyny aýtdy we onuň Ženewadaky göni däl gepleşikleriň soňlanmagyna alyp gelmeginiň ahmaldygyny duýdurdy.

Moallam şeýle diýdi: "Biz hiç kim bilen prezidentlik hakynda gepleşmeris... Başar al-Assad gyzyl çyzy. Eger olar şu çemeleşmäni dowam etdirseler, onda olaryň Ženewa gelmekleriniň manysy ýok."

Kerri Pariže gelmezinden öň Saud Arabystanynyň patyşasy Salman, täç geýdirilen şazada Mohammed Bin Nayýef, uly saud ministrleri bilen gepleşdi.
13-nji martdaky Pariž gepleşiklerinde Ýewropanyň ýüzbe-ýüz bolan migrant krizisi barada hem maslahat edilmegine garaşylýar.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG