Sepleriň elýeterliligi

"Aýgytly ädim" – edebi ýadygärlik


"Aýgytly ädim" filminden bir bölek.

"Aýgytly ädim" filminden bir bölek.

Ýazyjy Berdi Kerbabaýewden uly edebi miras galdy. Şolardan biri “Aýgytly ädim” romany bolsa gerek. Ol indi el degrip bolmajak edebi ýadygärlige öwrüldi.

Uly eser

“Aýgytly ädim” XX asyryň başyndaky türkmen durmuşyna ýüzlenýär. Eserde öz döwrüne laýyk ençeme çeper obrazlar bilen birlikde, Eziz han, Ata däli, Poltaraskiý ýaly birnäçe taryhy şahslar orta çykýar. Ýazyjy adaty durmuşy ýiti synçy hökmünde beýan edýär. 16-njy ýylyň açlygy, şol döwrüň ykdysady-jemgyýetçilik gatnaşyklary romanda köp orun tutýar. Geçen asyryň başyndaky Tejen-Mary wakalaryna aýratyn üns berilýär.

Aman Kekilow, Mäti Köse, Ata Köpek Mergen, Gurbandurdy Gurbansähet we Berdi Kerbabaýew.

Aman Kekilow, Mäti Köse, Ata Köpek Mergen, Gurbandurdy Gurbansähet we Berdi Kerbabaýew.

Bu eseri döretmek üçin, B. Kerbabaýew köp ýyllap zähmet çekipdir. Şeýle-de bolsa, oňa hakykaty bolşy ýaly aýtmaga rugsat edilmändir. O döwürde bolup geçen galagoply hem bulaşyk wakalara diňe kommunistik nukdaýnazardan garamalydy. Aýratyn-da, ol Eziz hanly meselesinde bärden gaýtmaly bolupdy.

Halk sözüne görä, romanda ileri tutulýan Artygyň keşbindäki ähli mertligi hem gaýraty Eziz hana bereniňde-de, ol hakyky bolşundan pes beýan edilýär diýen gürrüň bar.

Eziz hany gorajak bolup, B. Kerbabaýew köp jan çekipdir. Bu işiň bir çeti türme haýbatyna ýetipdir. Şondan soň Ezizi gorajak bolmandyr. Bu hakda şol wakalaryň gözi şaýady bolan, taryhçy alym Mämmetdurdy Annagurdowyň takyk faktlara daýanýan ýatlamasy bar.

Edebiýatyň aýgytly ädimi

B. Kerbabaýewiň döredijiligini öwreniji, ussat ýazyjy barada iki monografiýa ýazan belli edebiýatçy H. Taňryberdiýew “Aýgytly ädim” romanynyň üstünlikli taraplary barada gowy pikirleri öňe sürdi. Bu eser daşary ýurt dilleriniň on bäşisine, şol sanda SSSR halklarynyň ençeme dillerine terjime edildi.

"Aýgytly ädim" filminden bir bölek.

"Aýgytly ädim" filminden bir bölek.

Türkmen prozasy ,,Aýgytly ädim” arkaly halkara derejesinde ykrar edildi. Ol SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Baryp asyryň ortasynda, ol romana soňky nokat goýlanam bolsa, geçen asyr türkmen prozasynda çeperçilik babatda başga bir proza “Aýgytly ädimiň” derejesine ýetip bilmedi.

“Aýgytly ädim” romany esasynda belli režissor Alty Garlyýew kämil filmi surata düşürdi. Filme ýaşuly-ýaşkiçi bar millet gaýta-gaýta tomaşa edipdi. Filme söz diýer ýaly däldi, ýöne millet onuň has milli bolmagyny isleýärdi.

Halk arzuwy

Film türkmenler üçin, ýöne bir kinodan artygrakdy. “Bu ýerde bir it ýetenok. Türkmeniň Alabaýy üýrüp, atlylara topulsa, tüýs durmuşy boljak ekeni” diýen arzuwlar peýda boldy.

Şol döwürde halk arasynda “Artygyň harmany” diýen düşünje döredi. Bir hojalygy dargadyp başlasalar oňa “Artygyň harmanyna döndi” diýýärdiler.

Şol filmde Gandym aganyň aýdan sözi-de ganatly jümlä öwrüldi. Ol Artyk bilen Aýnanyň toýuna barýarka: “Aýnany kim alsa, şol alsyn. Bize toý bolsa bolýar” diýipdi.

“Aýgytly ädim” – ylym

Eser etnorgaf alymlar üçin, geçen asyryň başyndaky türkmen durmuşyny öwrenmekde, möhüm çeşme bolup hyzmat etdi.

,,Aýgytly ädimiň” çeper dili filolog alymlara köp maglumat berdi. Türkmen diliniň dürli ugurlaryny öwrenmekde, aýdylýan pikire delil getirmekde, ol gymmatly serişde boldy.

Romandaky ýatda galan käbir jümleler:

«Gijeki maýdalap ýagan ýagyş daňa golaý diňdi. Çygly şemal asmanyň buludyny öz ugruna bakan kowup gitdi. Gögüň ýüzi çüýşe ýaly durylandy.»

«Garaňky ýorganyny üstünden serpip, gara ýer ýeňillik bilen dem aldy. Ýer ýüzünden goýry, çalymtyk bug göterildi.»

«Ulgam-ulgam gumlaryň, aňňat-aňňat çölleriň üstünden taýyp gelýän pessaý şemal çaly-çerkezleriň, çogan-ýowşanlaryň, gülli-gülälekli gök otlaryň çygly, ýakymly ysyny getirdi.»

Eseriň dili diňe alymlara däl, eýsem türkmen dilini hem edebiýatyny öwrenmek isleýän her bir okyja gowy mekdep bolup hyzmat etdi.

Häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan türkmenler “Aýgytly ädimi” okap, öz ene dilini kämilleşdirýänini aýdýarlar.

15-nji mart şol belli eseri döreden Berdi Kerbabaýewiň doglan günüdir. Ol 1894-nji ýylda dünýä inipdi.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG