Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Ankaradaky hüjümden soň, Yrakda howa zarbalaryna başlady


Türk paýtagty Ankarada bolan ýowuz hüjümlerden soň, Türkiýe Yragyň demirgazygyndaky kürt pitneçileriniň nyşanalaryna garşy howa zarbalaryny amala aşyrýar.

Türkiýäniň harby güýçleriniň 14-nji martda ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, türk söweş uçarlary Yragyň demirgazygyndaky Kandil we Gara atly daglyk regionlarynda “Kürdüstan işçiler partiýasynyň” (PKK) ýarag ammarlaryna we buky ýerlerine howa zarbalaryny amala aşyrypdyr.

Bu howa zarbalary, 13-nji mart agşamy Ankarada amala aşyrylan güýçli partlamada azyndan 37 adam ölenden we başga-da 120 çemesi ýaralanandan soň geçirilýär.

Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Mehmet Muezzinoglu 14-nji martda telewideniýede görkezilen interwýusynda wakada ölenleriň sanawyna ýene üç adamyň goşulandygyny aýtdy.

Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan soňky ýyllarda regionda durnuksyzlygyň artmagy netijesinde Türkiýäniň terrorçylykly hüjümleriň nyşanasyna öwrülendigini aýtdy.

Gürrüňi edilýän partlama Ankaranyň “Gyzylaý” meýdançasyndaky Güwenpark sebitinde boldy. Bu sebit Ankaranyň esasy transport we söwda merkezleriniň biri hasaplanylýar.

XS
SM
MD
LG