Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Güýçli ýagynda onlarça adam öldi


13-nji martda Pakistanda güýçli ýagan ýagşyň netijesinde ýumrulan jaýlaryň töwereginde ýygnanan ýaşaýjylar.

13-nji martda Pakistanda güýçli ýagan ýagşyň netijesinde ýumrulan jaýlaryň töwereginde ýygnanan ýaşaýjylar.

Pakistanda soňky birnäçe günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşyň netijesinde onlarça adam öldi.

Pakistanyň häkimiýetleri soňky bäş günüň dowamynda azyndan 42 adamyň heläk bolandygyny aýdýarlar.

Pakistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edarasynyň 14-nji martda beren maglumatyna görä, wakada başga-da 70 adamyň ýaralanandygy we 75 çemesi ýaşaýyş jaýyna zeper ýetendigi hasaba alnypdyr.

Tebigy hadysadan iň köp ejir çeken sebitleriň arasynda ýurduň günorta-günbataryndaky Balojistan we demirgazyk-günbataryndaky Haýber-Puhtunhwa welaýatlary bar.

Adam ýitgileriniň aglabasyna jaýlaryň ýumrulmagynyň sebäp bolandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG