Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýaşine garşy jenaýatçylyk işiniň gozgalmagy soralýar


Orsýetli oppozisiýa lideri Ilýa Ýaşin.

Orsýetli oppozisiýa lideri Ilýa Ýaşin.

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regiony Çeçenistanyň ýolbaşçysy Ramzan Kadyrowyň metbugat wekili özüniň Orsýetiň prokurorlaryndan oppozisiýa liderine garşy jenaýatçylyk işini gozgamagy resmi taýdan sorandygyny aýtdy. Alwi Karimow “PARNAS” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Ilýa Ýaşini “etniki we dini agzalalygy öjükdirmekde” aýyplaýar.

14-nji martda Karimow Ýaşin tarapyndan Çeçenistan barada çykarylan hasabatyň Karimowa garşy gönükdirilen “aç-açan ýalanlary, kemsidilmeleri we esassyz aýyplamalary” öz içine alýandygyny aýtdy.

Fewral aýynda ýaýradylan hasabatda Kadyrowyň öz "çeçen halyfatynda" aýşy-eşretde höküm sürýändigi, şerigat kanunyny Orsýetiň kanunyndan ýokary tutýandygy, öz harby güýjüni artdyrýandygy aýdyldy.

XS
SM
MD
LG